Hezreti How enäniň Hezreti Adamyň (a.s.) gapyrga süňkünden ýaradylmasy...
Ynsan ösüp-ösüp ewolýusiýanyň netijesinde şu hala gelen bir barlyk däldir. Ol garaşsyz bir görnüş hökmünde ýaradylandyr. Ol görnüşleri üýtgemesi netijesinde üýtgäp-üýtgäp bu hala-da gelen däldir. Tebigy seçgi netijesinde-de dörän däldir. Ynsan bir görnüş hökmünde Allah tarapyndan ýaradylandyr. Hezreti Adam hem bir garaýyşda edil Hezreti Mesih ýaly mugjyza bilen ýaradylandyr. Sebäpler älemi içinde mugjyzany düşündirmek hem mümkin däldir. Dorusy janly barlygyň döreýşini ne tebigatçylar ne-de ewolýusiýaçylar anyk şekilde subut edip bilmeýärler. Orta atýan nazaryýetleri ylmy tarapy bolmadyk, tutaryksyz zatlardyr we örän ejiz diregleriň üstünde durýarlar. Edilen dogry tankytlaryň garşysynda-da indi ýykylan hasap edilýär. Bu hususda ýazylan birgiden eser, edilen ençeme söhbetler bar. Peýdalanmak üçin olara ýüzlenilip bilner.
Sebäpler älemi içinde bir mesele öwrenilende ony sebäp-netije deňliginde «tenasüb-ü illiýet» ýörelgesine görä öwrenýäris. Meselem, diýýäris, bir tohumdan bir agajyň döremegi üçin Allahyň (j.j.) rugsady bilen ilkinji nobatda muňa zemin, toprak, tebigy şert, atmosfera, tohum we tohumyň-da diri bolmagy ýaly şertler zerurdyr. Ine, bu sebäpler omuz-omuza berenden soň «illeti tamme» (sebäpleriň doly netijesi) diýenimiz orta çykýar. Bu sebäp, netijäniň barlygyny zerur eder. Ýagny, Allahyň rugsady bilen bu sebäpler birigende bir däne bir sümbül bolar, bir ýumurtga bir jüýje bolar.
Ynsanyň ilkinji ýaradylşy gudratdyr. Bu meseläni sebäp-netije bilen baglanşykly şeýle öwrenip bileris. Aýdalyň, bir janlydan ýene bir janlyny emele getirmek üçin bir guş bilen towugy, bir at bilen eşegi jübütleşdirdik. Birinjisinden netije bolmaz, ikinjisinden bolsa nesilini dowam etdirmäge ukyby bolmadyk gatyr öner. Bu ýerde sebäp ýetmeýär. Ýagny, «tenasüb-ü illiýet» ýörelgesine görä netijä ýetmekde kemçilik bardyr. Emma, erkek we aýaldan ynsanyň dünýä inmegi üçin erkek spermasy aýalyň ýatgysyndaky ýumurtga bilen birleşse iş tamam, sebäpler kemçiliksiz, ähli zat ýerbe-ýerdir. Şol wagt Allahyň emri we rugsady bilen düwünçek emele geler, ulalar, geçilmeli döwürler geçer we çaga dünýä iner. Bu ýerde sebäpler doly jemlenip, garaşylan netije-de ýetildi. Dogrusy, bu ajaýyp görnüşinden Allah (j.j.) onu-da üýtgedip biler we başga bir görnüşde, başga bir ýagdaýda-da dünýä getirip biler...
Hawa, bu işiň sebäpler içinde düşündirilişidir. Mesele sebäpler-netijeler arkaly aksa, ýaradylşy ewolusiýa görnüşinde, tebigy seçgi bilen däl-de, Allahyň (j.j.) we Resulynyň (s.a.w.) düşündirişi ýaly kabul etmegimiz zerur bolar.
Allah buýurýar: «Siziň düşünmedik nokadyňyzy men size aňladaýyn», bu bir gudratdyr. Hezreti Adam enesiz-atasyz, Hezreti Isa Mesih atasyz bir gudratdyr. Allah, haýsydyr bir barlygy käte enesiz, käte atasyz dünýä getirişi ýaly, käte hem enesiz, hem atasyz hem ýaradyp bilýär we Hezreti Adamyň ýaradylyşy hem şeýledir. Bu ýaradylyşy sebäpler bilen düşündirmek mümkin däldir. Kurany Kerim yglan edýär: «Gezsinler ýer ýüzüni, ilki ýaradylyş nähili başlady, görsünler». (Ankebut, 20). Ýoklukdan barlyga geçişi nädip düşündirjekler?
Şonuň ýaly Hezreti How enäniň Hezreti Adamdan ýaradylmagy meselesi hem başga bir gudratdyr. Onuň üçin sebäpleriň akymy içinde muny hem düşündirip bilmeýäris. Elbetde, düşündirip bilmeýäris diýip çetde durmak hem dogry däldir. Çünki edil Hezreti Adamyň, Hezreti Isanyň ýaradylyşy hem şonuň ýalydyr.
Hezreti Adam we How enäniň ýaradylyşynyň unudylandygy üçin Hezreti Isany ýaradyp Allah täzeden ilkinji ýaradylyşa nazarlary gönükdirdi hem Hezreti Isanyň dünýä gelşini soranlara: «Allahyň ýanynda Hezreti Isanyň ýagdaýy Hezreti Adamyň ýagdaýy ýalydyr. Allah ony toprakdan ýaratdy. Soňra-da oňa «bol» diýdi we boluberdi» (Ali Imran, 59) buýurýar.
Hawa, adamzat ilkinji başlangyjy unudypdy. Hezreti Isany ýaratmak bilen Allah (j.j.) ony täzeden ýatlatdy.
Indi bolsa esasy meselämiz bolan Hezreti How enäniň Hezreti Adamyň gapyrga süňkünden ýasalmasy meselesine geleliň. Men bu ýerde-de ýene dialektik garaýyş orta atylmak islenýär diýip düşünýärin. Bu meselä dialektikanyň garyşmak hususy şu, Hezreti Adamyň gapyrgalaryndan iň kiçi, iň gysgasyndan bir bölegi alynýar-da, ondanam Hezreti How ene ýaradylýar... Näme üçin gapyrgadan, näme üçin Hezrtei Adamdan? Ilki bilen şuňa dykgatyňyzy çekmek isleýärin. Ynsanyň Allah tarapyndan ýaradylandygyna şeýlebir deliller bar, muny inkär etmek mümkin däl we şol bir wagtda bu, Allahyň bardygyna açyk, görnüp duran bir subutnamadyr. Älemem müňlerçe kanuny, düzgün-nyzamy we ýörelgeleri bilen şol bir zady aňladýar. Ynsanyň içindäki menligi, içki älemi, kalby, syry, entek açylmadyk bir giden inçe duýgulary, bularyň barysy Allahyň bardygyny görkezýär. Edil şular ýaly Allahyň bardygyna anyk şaýatlyk edýän müňlerçe delil bar. Her kim ýerli ýerden, filosoflar, pikir ýöredenler, kelamçylar bu delillerden bir kysymyna esaslanyp, olar bilen salamata gowuşmaga yhlas edýärler. Eger bularyň müň sanysy bir ýere jemlense Allahyň bardygyny görkezýän ajaýyp, güýçli bir delil bolar, onuň garşysyna çykan tapylmaz.
Indi birnäçe inkärçiler ähli delillere gözlerini ýumup, diňe Hezreti Adamyň gapyrga süňkünden Hezreti How enäniň ýaradylmasy meselesini inkäre wesile edip görkezmek isleýärler. Bularyň ýagdaýyny Bediüzzaman şeýle bir mysal bilen dile getirýär. «Arkadaş! Nebsiň ýaradylşynda bir körlük bardyr. Ol körlük onuň barlygynda saklanmagyny dowam etdirdigiçe, hakykat güneşiniň görünmegine päsgel berer. Hawa, bu husus tejribe edilip subut edilipdir. Mysal üçin, ökde bir ussanyň elinden çykany görnüp duran, bu barada anyk, kesgitli deliller bolan beýik bir galada, kiçijik bir daşyň, kiçijik bir ýetmezini tapsa ol kör nebis kaşaň galany tutuşlygyna inkär eder we dik-başaşak görer. Hawa, nebsiň nadanlygy, akmaklygy şular ýaly ynsapsyzlyk tarapy bilen belli bolar». Bu köre-körlük bilen öňünden karara gelmekden we pikir öwrüp bilmezlikden başga zat däldir. Isle ynsan, isle älem başdan-aýaga Allahyň barlygy hakynda müňlerçe delil, müňlerçe beýan bolup, bu hakykaty yglan edýän mahaly, her bir zada şeýdip bir taraplaýyn bakmak mahrumlyk däl-de başga nämedir?
Gapyrga süňki meselesi Buharyda, Müslimde, Ahmet bin Hanbeliň Müsnedinde aňladylýar. Bu kitaplarda zikr edilen hadysy şerifiň Hezreti How enäniň Hezreti Adamyň gapyrga süňkünden ýaradylandygyny beýan edişi ýaly, Kurany Kerimde, Nisa süresinde «Eý ynsanlar! O Allaha garşy gitmekden çekiniň, gorkuň we hemaýatyna giriň, O sizi bir nebisden ýaratdy we ýanýoldaşyňy-da ondan ýaratdy» şekilinde bu meselä degilip geçilýär. Bu ýerde arap diline mahsus bir aýratynlyga ünsüňizi çekmek isleýärin. Aýallara degişli eýelik goşulmasy «Ha» şekilinde, erkege degişli eýelik goşulmasy «Hu» şekilindedir. Muny aşakdaky aýatda aýdyň görmek mümkindir. «Sizi bir nebisden ýaratdy, ýanýoldaşyňy-da ondan ýarady» (Zumer, 6). Bu sözlemiň üstünde biraz durup geçeliň. Diýmek, Hak Tagala ilki bilen Hezreti How enäni zat-y Adamdan däl-de, Adamyň mahyýetinden durkundan ýaratdy. Örän inçe bir hususdyr bu... Nebsi Adam, mahyýeti Adamdan başgadyr. Meselem, bir ynsanyň zaty budur – boýy şunça, agramy munça, edasy şeýle diýilýär. Şeýle hem onuň mahyýeti, ýagny iç we daş älemi, düşünjeleri, Allaha ýakynlygy-uzaklygy bardyr. Eger bir ynsan esasy durky bilen öwreniljek bolsa ol ikinji tarapy – mahyýeti bilen öwreniler. Aslynda beýleki tarapy gury skeletdir. Indi bu manyda bir ynsan nebsi we menligine görä bir başga, jesede görä-de bir başgadyr. Kurany Kerim Hezreti How enäniň ýaradylşyny beýan edende «minha» sözi bilen «o nebisden» diýýär, Adamdan diýmeýär.
Emma, hadys mütewatir däl-de, ahady bolandygy üçin ýeke-täk bir adamyň rowaýat eden hadysyny aýat bilen düşündirmek zerur bolýar. Bu usul aýat we hadyslaryň düşündirilmeginde ähmiýetli bir usuldyr. Aýat bu ýerde mütewatir we Allahyň kelamydyr. Şonuň üçin hadysy anyk bolmadyk nokatlaryny aýat bilen aýdyňlaşdyrmak gerekdir. Ilki bilen Resuly Ekremiň (s.a.w.) bu hadysy şerifi beýan buýurýarka bu sözüň sözlenmegine esas bolan hususyň bilinmegi örän ähmiýetlidir we hökmany suratda muňa dykgat etmek gerekdir. Buýurýar: «Aýallara haýyr işi maslahat beriň». Ýagny, olara mydama oňatlygy, gözelligi aňladyň we nesihatçy boluň goý istikamat gazansynlar. Çünki, aýal gapyrga süňkünden ýaradylandyr. Eger olary derrew düzetmäge synanyşsaňyz döwersiňiz. Ahmal etseňizem egriliklerine galarlar. Diýmek bu ýerde sözüň dile gelmegine sebäp bolan zat, ýagny hadysyň üstünde aýlanyp duran husus aýalyň terbiýesi we öý-içeri syýasatydyr. Hawa, ony derrew düzedeýin diýseňiz döwülip biler, düzetmäýin diýseňizem bolşy-bolşy ýaly galar.
Allahyň Resuly (s.a.w.) muny düşündirmek üçin bir hususy belli edýär. O-da erkek bilen deňeşdireniňde aýalyň egrilige ýakyndygy, inçeligi hem döwülmesiniň aňsatlygy... Diýmek, Hadysy şerifde düşündirilmek islenen esasy zat Hezreti How enäniň gapyrga süňkünden ýaradylandygy däl, aýal özbaşyna goýberilse egriligine galjagy, çenini bilmezden düzediljek bolunsa-da döwüljegi baradadyr.
Elbetde, bu ýerde beýan edilişiň bu şekilde düzülmegi nähili hikmete daýanýar, o-da aýry bir mesele...
Resuly Ekrem (s.a.w.) muny beýan edende «min dalihi», ýagny «gapyrga süňkünden» diýipdir. Bu ýerdäki «min» dilimizdäki «-den» goşulmasyny aňladýar. Emma, bu kä halatda «aýyrmak, bölmek» üçin hem ulanylýar, ýagny bir zadyň bir parçasyndan, esasyndan diýmekdir. Kä halatda «bildirmek» manysyny hem berýär, ýagny şu zat şundandyr diýip bildirýär. Şeýlelikde bu ýerde Resuly Ekrem (s.a.w.) meseläni kesgitli aýtmansoň başga manylar hem akyla gelip biler.
Serwerimiziň (s.a.w.) muňa meňzeş birnäçe aýdanlary bardyr... Meselem, buýurýar: «Her janlynyň bir şeýtany bardyr. Haýwanlaryň şeýtany-da şudur». Gaçan düýe babatda ol muny aýdýar we dowam etdirýär. «Düýe şeýtandan ýaradylandyr», ýagny şeýtanyň gumalagyndan ýaradylan ýaly bir zat... Serwerimiz (s.a.w.) bu beýanlarynda esasan nähili ynsanlaryň şeýtanlary bar, şeýle hem haýwanlaryňam içinde şeýtanlaryň edenlerini edäýmeleri bardyr diýip, şeýtandan beret şeýtan ýaly bolmak meselesine ünsi çekýär. Aslynda bizem duýgusyz, rehimsiz bir adama «bu adam daşdandyr» diýýäris. Elbetde hiç kim ol adamyň maddasy daşdyr diýmeýär. Ýöne onuň juda rehimsiz, duýgularynyň gatandygyny aňlar, düşüner. Şonuň ýaly-da: «Pylan adam şeýtandyr» diýilende, hile, al eder, adamlary ýolundan azaşdyrar manysy göz öňünde tutulandyr.
Indi, ilki başda getiren aýatymyzyň manysyna üns berip, Serwerimiziň (s.a.w.) aýdanlaryna seredeliň. Aýal erkegiň gapyrga süňkünden ýaradylandyr. Ýagny, bir tarapdan aýal erkegiň bir bölegidir, ýagny edil erkek ýaly ynsandyr, birmeňzeş barlykdyr. Ýagny, onuň protein düzümi nähili bolsa aýalyňkam şonuň ýalydyr. Eger şol bir maddadan bolmasalar tohumlandyryp ýa-da sapyp bolmaýyşy ýaly nesil öndürip bilmezdiler. Çünki aýatyň soňunda şeýle diýilýär: «Soňra olardan birnäçe erkek we aýal önüberdi» (Nisa, 1). Eger hersi aýry jynsdan bolsalar nesil önmejekdi. Diýmek, birmeňzeş bolmaklary gerek...
Hadysda «dalaa» kelemesiniň ulanylmagy, düýp manysy taýdan egrilik manysyndan has beter, egrilige meýilli, aňsat egrelip biljek ýagdaýdadygyna yşarat etmek üçindir.
Resuly Ekrem (s.a.w.) bu hili aňlatmagy seçipdir. Ýagny, aýal erkekden has çalt bozulyp biler. Bu husus jedel edilmejek derejede açykdyr we häzirki döwür muňa şaýatdyr. Hawa, bu gün gaflatda ýaşaýanlar, dini inkär edenler aýaly, erkekleriň başyny aýlamak üçin çeňňek edip ulanýarlar. Aýratyn hem ýigriminji asyrda aýal şeýle bir aýak astynda galdy, hiç bir döwürde onuň şeýle derejede bahasyz bolan döwri ýokdur. Häzirki döwürde mahabatlar özüne çekiji bolsun diýip iň ýönekeý mahabatlarda-da aýalyň ulanylmagy, hadysda yşarat edilşi ýaly onuň kemçiliklerini we ejizligini görkezmegi taýyndan juda haýran edijidir. Tekerleriň ýüzüne, hajathana we hammamlaryň esbaplarynyň ýüzüne, azyk önümleriniň ýüzüne ýelimlenen aýal suratlaryna nähili düşünjek? Bu zatlar bilen aýalyň arasyndaky baglanşyk nämede?.. Diýmek, aýal dinsizler we gaflatda ýaşaýanlar tarapyndan bir kysym egri-bugrylykda ulanyljak. Geljekde dörejek bu egriligi Resuly Ekrem (s.a.w.) erkegiň iň egri ýerinden alyndy dýip beýan edipdir. Hawa, misli aýal o jynsyň iň egri taraplaryny özünde jemläp, egriligiň tymsaly bolan ýalydyr. Bu hususy beýan etmek üçin mundan laýyk we mundan jüpüne düşen deňeşdirme tapylmasa gerek.
Munuň bilen baglanyşykly başga bir hususy öwreneliň. Töwratyň tekwin bölüminde Hezreti How enäniň Hezreti Adamyň bir tarapyndan alnyp ýaradylandygy açyk beýan edilýär. Esasy zat Hezreti Adamyň haýsy hem bolsa bir tarapyndan alnyp Hezreti How enäniň ýaradylmagynda hiç bir ters zat ýokdur. Allahyň gudraty bilen ýaradylan Hezreti Adam heniz suw-toprak arasy halda eken. Ol heniz taýýar bolmadyk zatdan bir böleginiň alnyp, ondan hem Hezreti How enäniň ýaradylmagy bolup bilmejek bir husus däldir. Aslynda ilkinji ýaradylyş gudratdyr. Hezreti Adamam, How ene-de bu gudratyň netijesidir. Ylym bu ugurda golsuz, ganatsyz, kör we kerdir hem ilkinji ýaradylyş barada hiç bir zat aýdyp bilmeýär, göwnejaý düşündirişleri getirip bilmeýär. Şeýlelikde, ilkinji ýaradylşy gudrat diýip bilýäris hem Allahyň aýdanlaryna boýun bolýarys. Muny-da düşünjesiz köre-körlük bilen däl-de, bilip, atomdan-äleme çenli her bir zatda Allahyň ylym, erada, we gudratynyň Kahhar häkimýetini ylym we tehnika penjirelerinden göre-göre, duýa-duýa kabul edýäris.
Dogrusyny Ol biler we dogry Onuň aýdanlaryndan gözlener.
- -de döredildi.