Hezreti Hasan, Hezreti Muawiýe (r.a.) barka Omar bin Abduleziziň bäşinji halyf hökmünde kabul edilmeginiň hikmetini düşündirermisiňiz?
Bu meseläni henize çenli kelamçylaram gozgan däldir öýdýärin. Emma orta çykyp biläýjek sorag bolansoň jogabyny bermäge çalşaýyn. Raşit halyf serwerlerimiz dört sanydyr. Munuň bilen hemmeler ylalaşýar. Hezreti Ebu Bekir, Hezreti Omar, Hezreti Osman, Hezreti Aly (r. anhum). Bular Serwerimiziň (s.a.w.) iň sylanýan, iň abraýly, iň kämil, iň beýik halyflarydyr. Raşit halyflardan soňra dolandyryş Umeýýe ogullarynyň eline geçdi we ondan soňra uly ölçegde musulmanlaryň arasynda päklik we ýürekdeşlik bilen birlikde halyflyk ruhy hem sarsdy. Döwlet misli soltanlyga öwrüldi, köşkleri aşa bezemen, dabaraly görnüşe eýe boldy. Sada we ejiz ruhlarda erbet meýilleriň ýüze çykmagyna ýagdaý döredi. Munuň bilen birlikde, emewiler bütinleý boş we netijesiz kimseler däldi. Olaryň arasynda Kitaby we sünneti içgin bilýän birnäçe juda beýik ynsanlar bardy. Emma, bu nebere eýýäm bozulmaga ýüz urupdy. Şeýlelik bilen bu neberäniň içinde, ýandak basyp ugran ekin meýdanynda Omar bin Abduleziz ýaly raşit halyflar bilen deň aýak urup biljek seýregiňem seýregi, görülmedik gül ýetişdi. Omary belentliklere göteren hususlaryň başynda Onuň bir zarbada maddy arzuwlary aşyp, bedeniniň ýerine ruhy, nebsiniň ýerine köňli ýerleşdirip, her işinde Resulyllahyň ýoluny we Allahyň razyçylygyny gözlemegi durýar. Bu iş beýle aňsat işem däldi, onda-da onuň üçin,sebäbi ol köşkde, bolelinlikde dabaralaryň we eşretiň içinde ýaşaýar, her gün awa-şikara çykýar, elinde uly mümkinçilikleri bolansoň halal çäklerde bolsa-da, halan zadyny iýip-içip keýpihon ýaşaýardy... Sagadat asyrynyň ynsanyndan ýüz ýyla golaý wagt uzaklaşypdyr, ondan uzaklaşdygyça-da özlerini bar eden güýçlerden hem uzaklaşan bir toplum, bir maşgala içinde we köşküň beren erkinliklerine eýe biriniň başgaça ýaşamagy göz öňüne getirerden kyndy. Ine şol günlerde kakasynyň dogany Süleýman dünýeden ötende öz ogluny teklip etmäge derek, käbirleriň maslahaty bilen, ene tarapyndan Hezreti Omar Serwerimiziň agtygy bolan, ýegeni Omar bin Abdulezizi teklip edipdi. Halk hem kabul edip, ony seçdi. Özüne halyflyk wezipesi berlen gün, derrew, şol bada özüne gelip, ruhuna ýüzlenen Omar depesinden dyrnagyna çenli üýtgedi. Ol indi öňki Omar däldi. Omar şol günden başlap täzeden ilkinji halyflar döwrüni dikeltmäge başlady. Ýaramazlyklar bilen ýaka tutuşyp göreşdi, ýagşylyklara göni ýol açdy, haýra, hasanata giden ýollary ýakynlaşdyrdy. Adalatsyzlyklaryň öňüni aldy, zuluma garşy ýöriş yglan etdi. Aýalynyň boýnundaky bukawyny oljadan düşen zat «maňa almak ýaraşmaz» diýip döwlet hazynasyna geçirýär. Göwnüne güman getiren şahşy baýlygynam «beýtul mala» döwlet gaznasyna geçirýär. Egnine bir köne hyrkasyny atynyp döwletiň başyna geçýär...
Ol günki döwletiň serhetleri Aral kölüni, Mawerennahyry, Owganystany we Günbatar Türküstany, Taşkendi, Buharany, Samarkandy... Günbatar Afrikada Jebeli Taryky, Marokkany, Tunisi, Alžiri, Müsüri, Siriýany we Liwany öz içine alyp Anadolyň eteklerine uzaýardy. Omar hem bu döwletiň ýolbaşçysydy... Hawa, Arap ýarymadasy tutuşlygyna boýun egdirilipdi, Basra aýlagynyň halklary yslama giripdi. Bu günki Türkiýe ýaly döwletden kyrk bir döwletiň ululygyndaky bir döwleti ýeke adam, has dogrusy, Allahyň ýeke halyfy dolandyrýardy we Omar ol döwürde yaşan ynsanlaryň iň pukarasydy...
Muahddisin-i Kiram aýdýar: «Müminler zekat we sadaka berere garyp tapmaýardylar». Muhbir-i Sadyk (s.a.w.) muny bolşy ýaly öňünden habar beripdi: «Bir gün eliňizde zekat aýlanarsyňyz, ýöne berere adam tapmarsyňyz». Ýagny, hemmäňiz baý bolarsyňyz diýmekdi. Omar bin Abdyleziz döwründe bularyň hemmesi görüldi. Ine, ol şeýle döwletiň başyndady... Iki ýyl töweregi döwleti dolandyrar, emma birnäçe ýyllap bolçulykda ýaşalan ýaly netije gazanýar. Has soňra Ispaniýa çenli uzajak ol döwletiň ähli ugurlarynda düzedişler geçirýär. Şol güne çenli raşit halyflar hakyndaky ähli ýalňyş düşünjeleri düzedýär. Hezreti Alynyň (r.a.) beýik ornuny yglan edýär. O güne çenli bir kysym kimseleriň hutbalaryndaky hormatsyzlyklaryň soňuna çykýar we şu günki günem hutbalarymyzda okalýan: «Allah adalaty, yhsany garyndaşlara bermegi emr eder, fahşany (edepsizligi), münkeri (erbetligi) we bagyny (azgynlygy) gadagan edýär. Öwüt alarsyňyz diýip size şeýle öwüt berýär» (Nahl, 90), aýaty bilen adalatsyzlyga, edepsizlige, ahlaksyzlyga, hetden aşmalara garşy döşüni gerýär, istikamatly pikir edýär, abidler we zahidler ýaly ýaşaýar. Ine Omar bin Abduleziziň döwrüniň ýaşaýyş şertleri şeýle ýokary bolsa-da onuň sada ýaşamagy hem-de o günki Emewilerde ýaşaýyş düşünjesiniň düýbünden başgaça bolmagyna garamazdan şeýle dury, şeýle kemçiliksiz, şeýle göni we edil ilkinji halyflar ýaly içki gözellige eýe bolmagy Ony sagadat asyrynyň ynsanlarynyň arasyna goşdy. Bu sebäplere görä has soň gelen käbir kimseler Oňa müjeddid diýip ýönelige at bermändirler we dört çarýarlardan soň eger bäşinjisi bolmly bolsa ol Omar bin Abduleziz bolardy diýipdirler. Emma Omar bin Abdulezizi Seýýidine Hezreti Hasana deňeşdirmek, Hezreti Muawiýä deňeşdirmek meselesine gezek gelende, bu mesele biziň garşylaşdyrmak, deňäp görmek mümkinçiligimizden we ygtyýarlygymyzdan has ýokardaky meseledir. Bu meselede Hasan Basrydan (r.a.) (Taby-in döwrüniň ymamlaryndan we çagaka Serwerimiziň (s.a.w.) aýallaryndan biriniň gujagynda oturmak hormatyna mynasyp bolanlaryň biridir) Omar bin Abduleziz bilen Wahşy ikisiniň derejesi barada soralanda Allahyň Resulyny görüp hut onuň özünden feýz almak babatda «Omar Bin Abduleziz Wahşyň atynyň burnundaky diňe bir toz bolup biler» diýipdir. Çünki Wahşy sahabady. Omar bin Abduleziz sahaba däldi. Birnäçe hususy taraplary bilen Omar has öňde bolup biler. Emma umumy mutlak fazylet sahabalara degişlidir.
Indi, ýagdaý şeýle bolansoň, Hezreti Hasan Serwerimiz we Hezreti Muawiýe bilen deňeşdirme etjek bolmagymyz mümkin däldir. Şeýle hem olaryň aralaryndaky derejeleriň paýhas, hasap, takdyr we derejelerini kesgitlemek bize düşmez. Olar şeýle beýikdirler, Serwerimiziň pygamberlik Asmanynyň saýasynda boý alan, ser çeken, üýtgeşik iýmitler bilen iýmitlenip, üýtgeşik ölçeglerde kemala gelen, misli jennetiň barlyklaryny ýatladarlar. Belki, olaryň aglabasy melekleriň derejesine ýetendirler. Biz olar hakynda şeýle ýa-da beýle diýäýsek, ähtimal Rabbül Äleminiň huzurynda örän utanja galarys. Bu edil bir kazyýetiň gapysynda gapyguly bolmaga-da ýaramajak kimseleriň şol kazyýetiň kazylygyna göwni ýetmeýän kimseleriň tankydyna meňzär we bu nähili derejedäki utandyryjy bir zatdyr. Şonuň üçin biz hem dilimizi, kalbymyzy gorap, hemmesine çuň bir sylag-hormat duýgusy bilen iki büklüm bolup, bizi gapyguly edip almaklaryny dileýäris!..
- -de döredildi.