”Ülpet“ näme we onuň ýaramaz täsirleri nämelerden ybarat?
„Ülpet“ sözi arap dilinde ülfet bolup, öwrenişmek, dostluk, jana-jan syrdaşlyk, söýgi ýaly sözler bilen ugurdaş sözdür. Soragda göz öňünde tutulýan manysy bolsa, az-u köp bu sözlere ýakyn bolmak bilen birlikde has giň we has köp zady öz içine alýandyr.
Ynsanyň närseler we hadysalar bilen gatnaşygy, bu gatnaşyklardan gelip çykýan manylar we bu manylaryň wyždanda galdyrýan yzlary, oýaryşlary we has soňra ynsanyň hereketlerinde ýüze çykan üýtgeşmeler... bir giden wakalardyr we olarda biri-birine täsir eden hal-hereketler bilen ruh janlylygyny, gujurlylygyny we duýgurlygyny saklar.
Hawa, barlygyň gözelligine we özüne çekijiligine ynsanyň duýjak haýranlygy, edil sagat ýaly işleýän umumy nyzama onuň gyzyklanmasy, derňew, gözleg we eden açyşlary arkaly ýeten irfany we has çuňluklara ýetmek arzuwy, ahyrynda bu bilim parçajyklaryny bir ýere jemläp, öňli-soňly düşünmek ukybyny gazanmagy ony her hadysanyň garşysynda duýgurlyga, zehin işjeňligine, ruhy herekete mydama taýýar bolmaga ugrukdyrar.
Tersine, ynsanyň töwerekdäki müňbir gözellik jümmüşini duýmazlygy, görmezligi we biri-birine eriş-argaç bolup gidýän gurluşlary duýman, ondan çetde galmagy, gören zatlarynyň sebäp we hikmetleri hakynda oýlanmazlygy, gören zatlaryna diňe nazar aýlap oňmagy, ruhunda hiç hili irfana ýetip bilmezligi, onuň duýgusyzlygynyň, ruhy ölüliginiň we gözi ýumuk ýaşamagynyň alamatydyr. Bular ýaly ynsanlara ne älemiň syrly kitaby ne-de her gün gözleriniň alnynda enfüsiň (içki älemleriň) sahypa-sahypa açylmagy hiç bir zady aňlatmaz. «Üstlerine baryp görnen niçeme mugjyzalar bardyr, olar görmän ýüzlerini öwrüp durandyrlar» (Kurany Kerim). Bolup-geçenlerden peýdalanmazlar, many çykarmazlar dogup-ýaşandan…
Töwerekde bolup geçýän zatlary duýýan bir ynsanyň barlyga haýran galyp, gözlegde bolup bakmagy, onuň üçin öňi-ardy görünmeýän çäksiz deňizlere çykan ýalydyr. Bu syýahatyň her menzilinde özüne syrly köşkleriň altyn açarlary beriler. Päk köňülleri we ganatlanan duýgulary, täze açyşlar edýän zehinleri, ylham joşgunlaryna taýýar ruhlary bilen ünsli ýöredigiçe we syzyp özüne siňdiren zatlaryny wyždanyndan geçirdigiçe «çar tarapy bagy-erem» düşünje dünýäsinde jennet baglary ýaýylyp kemala gelmäge başlar.
Şeyle ruha we kämil düşünjä ýetmedikler bolsa, töweregini gurşan endikleriniň diwaryndan çykyp bilmändikleri üçin närse we hadysalaryň birsyhlylygyndan, täzelenmeýändiginden şikaýat eder durarlar. Olaryň gözi bilen seretseň hemme zat başagaýlyk içinde, hemme zat garaňky we manysyzdyr. «Her mugjyzany görselerem oňa ynanmazlar». Beýnilerinde zynjyr, ruhlarynda gandal we «kalplaryna möhür basylandyr, düşünmezler». Bular ýalylardan hiç hili haýra we hasyla garaşmaň, olardan bir zatlary umyt etmek netijesizdir.
Şeýle hem bilip eşidenden, görüp düşünenden ýa-da şeýledigini aňlandan soňam, endik edinip duýmazlyk bardyr, her hal sowal arkaly öwrenilmek islenen hem şol bolsa gerek. Ýagny, biraz öwrenip-bilip, ýarpy-ýalta ynanyp, irfana ýetenden soňra üýtgeşen dünýäler, täzelenen gözellikler, çuňlaşmagy we giňişleýin göz ýetirmegi talap edýärkä, gyzyklanmasyny we duýgurlygyny ýitirip, hiç zatdan ders almazlyk bardyr, Allah gorasyn, bu ýagdaý ynsan üçin gorpa ýykylmak we duýgularynyň ölmegi diýmekdir.
Beýle ýagdaýa düşen, eger tiz wagtda gözüniň çylpygyny süpürip, barlyklardaky hikmet inçeliklerine düşünmäge yhlas etmese, yhlas etdirilmese, gulagyny açyp melegi agladan gelen ylahy habarlary diňläp, olara düşünmäge jan etmese, wagtyň geçmegi bilen öz-özünden gatamagy, başaşaklygyna ýykylyp gitmegi mümkindir.
Şonuň üçin älemiň Nazymy Beýik Ýaradan elmydam dürli ses we ruhy ahwalatlar bilen ders we duýduryşlar berip, her gezek täze-täze, sözi açyk, açyk mugjyzaly päk ýol görkezijileri iberip, ezeli nutugyny gaýtalatdyryp, köňüllere ýagtylyk, garaýyşlara-da aýdyňlyk getirdi we ýene ynsanlaryň endige öwüren zatlaryna garşy, elmydam olaryň wyždanlaryny täzeden oýardy we akylyň orta çykaran kesgitlemeleriniň gaýta-gaýta gözden geçirilmegini isledi.
Hawa, Ol kitabynda ynsanoglunyň ýaradylyp Ýer ýüzüne ýaýramagy, ýanýoldaşy bilen rahatlyga we ynama gowuşmagy, gökleriň we ýeriň ýaradylşyndaky azamaty we gudraty, dilleriň we şiweleriň biri-birlerinden daş boluşy ýaly düşünilmesi gerek aýratynlyklary, gije we gündiziň tapawutlaryny, ýyldyrym we ýagmyr bilen gelen rahmet ýaly zatlary dürli jümleler bilen şeýle bir köp zikr edipdir, görüp düşünen we akyllaryny ulananlar üçin hiç bir endige we ülfete ýer goýmandyr. Onuň aýatlaryndan (gudrat we mugjyzalaryndan) biri hem sizi toprakdan ýaratmagydyr. Soňra siz ýer ýüzüne ýaýran ynsanlar bolduňyz. Onuň gudratlaryndan biri-de, öz-özüňiz bilen ysnyşyp rahatlyga ýetmegiňiz üçin size öz nebisleriňizden ýanýoldaşlar ýaratmagy we araňyza söýgi hem merhemedi goýmagydyr. Şübhesiz, munda aň eden bir jemagat üçin dersler bardyr. Onuň aýatlaryndan biri-de gökleriň we ýeriň ýaradylmagy, dilleriňiziň we reňkleriňiziň üýtgeşik bolmagydyr. Şübhesiz munda oýlananlar üçin ybrat bardyr. Onuň aýatlaryndan biri-de gijelerine uklamagyňyz, gündizlerine bolsa Onuň fazly-kereminden ryzkyňyzy we nesibäňizi çöplemegiňizdir. Şübhesiz, munda düşünen adam üçin dersler bardyr. Onuň aýatlaryndan biri-de size gorky we umytdan doly ýyldyrymy görkezmegi, gökden indirip öli ýatan ýeri onuň bilen diriltmegidir. Şübhesiz munda akyl eden bir kowum üçin dersler bardyr. (Rüri, 20-24). Gökden inen ýene ýüzlerçe duýduryşlary we irşadlary bilen, ýanyndan geçip ýüzüni görmedigimiz, müňlerçe täsinliklere we mugjyzalara ünsümizi çekip ulfeti dargytmak isleýär. Emma şeýle-de bolsa käbirleri ýene-de her biri bir bilbil bolup saýraýan hadysalary görübem duýmazlar. "Olar mahylardyr, derýada ýaşarlar, derýany bilmezler".
Mundan başga ýene-de bir düşünje we pikirlenmekdäki ülfetiň ynsanyň herketlerine, ybadatlaryna täsiri bolýandyr we bu ýagdaý şahsyň yşkynyň, joşgunynyň we tolgunmasynyň ölümi diýmekdir. Bu ýagdaýa düşen sahsda ybadat yşky, jogapkärçilik duýgusy, harama ýigrenç we günälerine aglamak ýaly zatlar büs-bütin ýitip gider. Mundan soň oňa öňki halyna dolanmak hem örän kyndyr. Onuň ýene-de özüne dolanmagy, töweregine göz ýetirmegi we köňlüne gelip-gidýänleri taraşlamagy üçin örän tämiz ruhy täsirleriň, arassa ýatlamalaryň kömegi gerekdir.
Ynsanoglunda täze bir ruha gönezlik üçin gelen her bir täze dem oňa bu manyny pyşyrdandyr. Elbet, adamzat üçin solmak, könelmek bolup biljek zatdyr. Emma özüňi täzeläp durmak hem bolmajak zat däldir. Onuň solup gitmeginiň öňüni almak üçin göwni çökgünlige garşy ruhuna neşter uran ele hormat goýulsyn. «Olardan öň özlerine kitap berlen, soňra üstünden uzak wagtyň geçmegi bilen kalplary gataşan we ýoldan çykan ynsanlar ýaly bolmasynlar diýip ynsanlaryň kalplary Allahyň (j.j.) zikrine we inen hakykata hormat goýmaklarynyň wagty ýogsa entegem gelmedimi» (Hadid, 16).
Jemleme hökmünde şuny aýdyp bileris. Ülfet ynsanogluna musallat, uly bir musybatdyr we köp adam bu jebre giriftardyr. Bu ýagdaýa düşen ynsan töwereginde bolup geçýän zatlara garşy gapyl, älem kitabyndaky gözelliklere kör we hadysalaryň hakykaty aýdýan sözlerini eşitmeýän kerdir. Bu sebäpden hem ynanjynda çiglik bardyr, ýeterlik däldir, ybadatlarynda yşksyz we joşgunsyz, beşeri işlerinde-de hasapsyz-haksyzdyr. Onuň bu ýagdaýyndan halas bolamgy üçin oňa kuwwatly bir ylahy goluň uzamagy gerek, onuň gulagynyň eşitgir, gözüniň görgür bolmagyna ylahy bir täsir gerekdir.
Şonuň üçin hem ülfete düşenlere obýektiw we subýektiw sagdyn pikir, ölüme we ahyrete degişli meseleleriň düşündirilmegi, dürli dini edaralaryň gezdirilip görkezilmegi, dini we jemgyýetçilik işlerine çekilmegi gerek. Şeýle hem olara geçmişimiziň altyn sahypalaryny ýygy-ýygydan agdaryp, şanly geçmişimize nazarlaryny gönükdirmeli, düşünjesi, gözýetimi aýdyň, joşgunly we hyjuwly adamlar bilen duşuryp söhbetdeş bolmaklary üçin şert döredilmelidir.
Gysgaça aýdylyp geçilen bu çärelerden başga-da, geçirilip bilinjek çäreler, aýdylmaly sözler bar bolup biler. Biz diňe bu ugurdan gönükdiriji pikir bermek bilen çäklenmegi makul bildik.
Kalplaryň açary ellende bolan Allahyň ülfetimizi gidermegini dileg edýärin.
- -de döredildi.