Efir barada nämeleri aýdyp bolar?
Efiriň bardygy anyk däl. Emma ýüzde-müň ynam bildirilýän ylym adamlary ony mysal hökmünde köp ýerde getirýändikleri bizi bolmanda biraz dykgatly bolmaga çagyrýar.
Gadym döwürde Hugensiň şübhe bilen orta atan bu, her ýerde täsirli we örän inçe mesele bolan efir pikirini J. Klerk Makswell tassyklandan soň, boşluk düşünjesi unudylypdy. Makswell şeýle diýýärdi: «Mekanyň içindäki elektro-magnit hadysalar subut edilenden soňra onuň efir ýaly bir zat bilen gurşalan bolmagyna zerurlyk döreýär». Makro älemden mikro äleme çenli her bir zat efiriň içinde hereket edýär. Makswell bu ýagdaýyň ilkinji netijesi hökmünde şöhle tolkunlarynyň elektro-magnit tolkunlardan başga zat däldigini, bu esasda şöhläniň hem bir elektro-magnit hadysadygyny öňe sürýär. Bu ýagdaý hakykata laýyk hadysalary birlige tarap alyp barmak ugrunda ädilen ilkinji ädimdi.
Aslyýetinde Makswelden öň Faradeý hem elektromagnit täsirleriniň boşlukda aýlanyp bilmejekdiklerini we işjeň bolmajakdyklaryny hökman bir araçy zada zerurlyk boljakdygyny düşündirenden soňra, açan kanunlary bilen bu araçynyň kese tolkunly akymlarda tolkun atjagyny we bu tolkunlaryň edil şöhle ýaly nurlanmaga, döwülmäge we ikä döwülmäge ukyplydygyny habar berýärdi. Makswel bolsa şöhläniň degişlilikde gysga elektromagnit tolkunyndan ybaratdygyny öňe sürýär. Has soňra bolsa Hertz geçiren birnäçe tejrbeleri bilen Maksweliň nazaryýetini subut etdi. Ýagny, bir otagyň islendik bir burçunda emele gelen elektrik akymyny otagyň beýleki burçunda hiç bir baglaýjy araçysy bolmadyk elektrik akymlarynda uçgunlary emele getirişini, bu tolkunlaryň suratynyň ysygyň suraty ýalydygyny gördi we bu tolkunlara Hertz tolkunlary diýlip at berildi. Aslynda her kesiň örän oňat bilýän we ulanýan radio, öýjükli telefonlar bu açyşyň esasynda döredi.
Efir pikiri uzak wagtlap ünsden düşmän gelenden soň, onuň hakykatda bardygyny ýa-da ýokdugyny Morleý we Mihelson tejribe arkaly öwrenmek islediler. Olar munuň pikirini şeýle etdiler. Zeminiň bir nokadyna ýerleşdirilen enjamda şöhle toplumynyň ýarsy ýeriň hereketiniň ugruna dogry bir nokatda nurlanan wagty, şöhläniň ikinji ýarysy-da enjamyň hereketine dik (wertikal) ugurda ýerleşen nokada iberilse we ol ýerden hem başga bir enjamdaky gözegçilik nokadyna şöhle düşüp, enjamyň hereketiniň ugrundaky şöhle bölegine birikmeli bolar. Çünki enjamyň herketiniň ugruna giden we yzyna dönen söhle efiriň içinde has haýal gitmeli we dönmelidir. Emma ýeriň herketiniň ugruna dik iberlen şöhle bölegi efiriň ters akymyna garşylaşmajakdygy üçin has çalt gider we elbetde, çalt hem yzyna döner. Mihelsonyň we kärdeşleriniň geçiren tejribesi ters netije berip «efiriň» garşysyna boldy. Hatda enjamlaryň ýalňyşyp biljegi göz öňünde tutulyp, tejribe täzeden geçirildi. Emma netije üýtgemedi. Diýmek, efir diýilýän zat ýok. Aslyýetinde, bu tejribe bilen radio tolkunlarynyň bir ýerden başga bir ýere ýetmegi üçin araçynyň zerur däldigi hem açyklandy.
Bu alnan netijä garşy gidenler hem boldy. Bulardan Lorentz jisimleriň herket ugrunda boýundan ýitirjekleri düzgünine esaslanyp Mihelsonyň tejribelerinde-de şol ýagdaýyň ýüze çykandygyny aýdýar, her iki şöhläniň merkezi nokada şol bir wagtda dolanyp gelendigini matematikanyň üsti bilen subut etmäge çalyşýardy. Meseläniň ilkinji tejribeler bilen subut edilen döwürlerinde bu örän makul garşylyk görkezme saýylýardy. Emma Mihelsonyň nähili tejribe edendigi hem-de Lorentziň efir bardyr diýmek bilen nämäni göz öňünde tutýandygy örän möhümdir.
Bulardan biri, geciren tejribesi bilen oňa «ýok» diýende ol efiriň gaty bir madda şekilinde göz öňüne getirilmegine garşy «ýök» diýýärdi we ony howa şekilinde kabul edýärdi. Ony atmosferada ýer ýüzüni gurşan bu akyp duran maddanyň zemin bilen birlikde hereketdedigini göz öňünde tutýardy we tejribesini hyýaly bir efiriň içinde geçirýärdi.
Efir diýilýän maddadanam aňyrdaky başga bir zat bolup bilmezmi? Döwrümizde anti madda, anti atom, anti proton, anti neýtron ýaly barlygy subut edilen zatlardanam başga barlykdyr diýlip ters bir pikir bilen düşündirilen bu ýalňyş garaýyşlara gidilmesin. Galyberse-de, «Bilim we Tehnika», «Syzynty» ýaly giň ýaýraýan neşirlerde efiri täzeçe düşündirýän birnäçe ylmy makalalar ýerleşdirilýär.
Netije hökmünde şuny aýdyp bileris. Efir barada derňew we tejribelere daýanyp belli bir, anyk aýdylan zat ýok hem bolsa, efir ýokdur diýip anyk aýtmaga-da mümkinçilik berýän maglumatlar hem heniz ýokdur.
Mekan fizikasyndaky täze garaýyşlar efire «ýaşyl yşyk» ýaksa-da, biz terminologiýada ylalaşyga gelinmän dowam edip gelýän bu jedel ýene uzak ýyllap dowam eder diýip hasap edýäris.
Bu ýerde sözümiň soňky nokadyny goýup, iň dogry sözliniň beýan edişine görä toprakdan, suwdan, howadan, otdan düzülmeginden öň arşy rahmet bir «ama» üstünde bolandygyny we onuň aşagynda-da, ýokarsynda-da howaň bolmandygyny aýdyp geçendigini geljegiň fiziklerine ylmy barlaglar geçirmekleri üçin ýatladyp geçeýin...
- -de döredildi.