Niýet ynsany halas edip bilermi?

Niýet ynsany halas edip bilermi?

Netijesinde bir işe we amala alyp baran niýet ynsany halas edip biler. Tersine, azym we gaýrata öwrülmeýän niýet asla halas etmez.

Niýet bir işi ýüregiňe düwmek we ýönelmek, bir azim (kararlylyk) we tutanýerlilik, düşünjelilik diýmekdir. Niýetiniň saýasynda ynsan nämä ýönelýändigini, näme isleýändigini bilýär we ýene onuň kömegi bilen tapmak we berjaý etmek düşünjesine ýetýär.

Ynsanyň ähli iş-hereketleriniň esasynyň niýet bolşy ýaly, meýillerine görä «meniňki» diýip sahyp çykjak işleriniň wesilesi-de ýene niýetidir. Şonuň ýaly-da eradanyň iň sarsmajak kadasy we ynsandaky döretmek güýjüniň iň berk esasy-da niýetdir. Hatda älemde we ynsan nebsinde her bir zat hem başlangyç babatda, hem dowamy babatda niýete baglydyr. Oňa daýandyrman bir zady başlamagam, dowam etdirmegem mümkin däldir.

Her bir zat ilki bilen zehinde taslama görnüşinde döreýär. Ikinji ýöneliş bilen meýilleşdirilýär. Has soňra bolsa, azym we karara gelmek bilen iş ýüzüne geçýär. Bu ilkinji taslama we meýil bolmasa, islendik bir işe başlamagyň netijesiz bolşy ýaly erada we azym görmeýän her bir taslama we meýil hem başa barman netijesiz galar.

Niýetdäki bu güýç we täsiri subut etjek bir näçe delil bardyr. Emma köp kişi ýaşaýan ömürüni düşünjeli garamazlyk bilen soňlar, olar bu güýç we täsirden hem bihabardyrlar.

Niýet ynsanyň ýagşylyklaryny we ýamanlyklaryny görkezýän tarapy bilen hem örän ähmiýetlidir. Bu nukdaý nazardan ol, ýa müň şipa wadasy bilen gelen diriliş suwy, ýogsa-da ähli iş we boluşlaryň netijelerini alyp göterip, seçip sowran apy-tupan we harasatdyr. Birnäçe ownuk işler bardyr niýet arkaly ulalar, bir dänedir müň sümbül bolar, bir damjadyr dama-dama köl bolar. Şeýle hem dag ýaly gujur gaýratlar bardyr ýaramaz niýetler sebäpli netijesiz we göýdük bolarlar.

Gulluk niýeti we düşünjesi bilen ýatyp turmalar, dyza çökmeler, aç-suwsuz durmalar we halal çäklerdäki käbir arzuw we isleglerden uzaklaşmalar ynsanyň başyny iň beýik älemlere ýetirer we ony soltan eder. Ýogsa şol bir hereketler we ýene müňlerçesi bu düşünjeden uzak durlup berjaý edilen mahaly gury görgä galmak we ýadamak bolar we hiç bir derde ýaramaz. Diýmek, Ýaradany hoşnut etmek ýolunda ynsan hem eden işleri bilen hem-de terk edenleri bilen beýgelýär we «ahseni takwim» syryna ýetýär. Onuň hoşnutlygyna ýetirmejek müň dürli amal we hereketler bolsa hiç zada ýaramaz.

Niýet şeýle bir hamyrmaýadyr «ýok» onuň bilen «bar» bolup şeyle bir jilwe görkezer, emma bar bolup görnenler ýene ondaky bozuklyk sebäpli öler we täsirsiz bolup galar.

Gazawatda ganly eşikleri boýnuna dolaşyp ölüp jähennemiň gaýasyndan aşak togarlananlaryň az bolmaýşy ýaly dup-dury niýetiniň arkasyndan ýumşak düşeklerde jan berip jennete gidenler-de az däldir. Şerraýlar bilen ýaka tutuşyp, göreşip, ertirki günleri ýagtyltmak isleýän mertleriň sap niýetliler bilen birlikde, bu söweşe öz şahsy bähbitleri we erbet maksatlary üçin girenler hem az-küş däldirler. Birinjiler arşa ýol salyp ýokarlara sary göterilýärkä, ikinjiler başaşak ýykylyp dowzaha girerler.

Niýet, bu çäkli we pany dünýädäki ömürde bakylyga tarap gapy we penjire açan syrly bir açar we belli bir ömürde ebedi sagadat ýa-da betbagtlygy wada eden üýtgeşik bir dildir. Bu guraly mynasyp ornunda ulanan wezipeşynaslar, ýaşaýyşlarynda öli we garaňky nokatlar galdyrman, dünýälerine nur saçyp ebedi aýdyňlyga we rahatlyga ýetip bilerler. Çünki günlük, hepdelik, aýlyk wezipeler çyn ýürekden ýerine ýetirildigiçe ol wezipeler bilen gelen fazylet we sogap diňe wezipäniň ýerine ýetirilen zamanyna degişli bolup galmaz. Tersine bütin bir ömrüň sekuntlaryny we minutlaryny içine aljak şekilde täsir we many görkezjekdir.

Jihada taýýar bir esger başga bir iş sebäpli jihada gatnaşyp bilmedik ýagdaýynda-da söweşe gatnaşanlaryň sogabyny olam alar. Esger gyşlagynda nobatçylyk sagadynyň gelmegune garaşýan bir esgerem, nobat tutýan ýaly aýlaryň dowamynda özüni ybadata bereniň sogaby ýaly sogap aljakdyr.

Ine bu syrdandyr, ynanan ynsan pany ömürde baky sagadata we ölümsizlige ýetişi ýaly, inkär eden hem ebedi şowsuzlyga we betbagtlyga uçrajakdyr. Ýogsa, Zahyry Adalatyň talabyna laýyklykda her kimiň öz ybadatyna we ýagşylygyna ýa-da kezzaplygyna we ýamanlygyna görä lutf we yhsana, gahara we azaba duçar bolamsy göwne makuldyr. Bu-da ýagşylaryň jennetlerde boljak döwrüniň ýagşy ynsan bolup ýaşan ýyllaryça, ýamanlaryň hem jähennemde galjak döwrüniň eden ýamanlyklaryça boljaklygydyr. Netijede, ebedilik ýaramazlar üçinem, gowular üçinem gazanan iň soňky ýagdaýlarydyr we mundan soň hiç bir zadyň pikirini etmäge mümkinçilik bolmaz.

Ine şeýle, hem gutarmaýan sagadat, hem-de tükeniksiz bir azap we bagtygaralyk ynasanyň niýetiniň miweleridir. Ebedi iman we istykamat düşünjesi ebedi sagadata wesile bolşy ýaly, ebedi küfr we azgynlyk düşünjesi ebedi betbagtlyga getirer.

Soňky minutlarynda kalby gulluk düşünjesinden doly bir ynsan, müňlerçe ýyl ömri bolsa, düşünje dünýäsi istykamatynda sarp etjekdigi üçin, niýeti edil amal eden ýaly kabul ediler, oňa görä çemeleşiler. «Mümüniň niýeti amalyndan haýyrlydyr». Edil şonuň ýaly, soňky minutlaryny ýaşaýan inkärçi ol dinsizlik we küfür düşünjeleriniň içinde, geljegiň müňlerçe, ýüz müňlerçe ýylyny garaltmak niýetinde bolandygy üçin niýetine görä jezasyny hem alar.

Diýmek, bu meselede esasy zat olaryň ýaşan pany we çäkli ömürleriniň wesileliginden has zyýada – aslyýetinde ol pany ömür hem niýetiň netijesidir – olaryň niýetleridir. Ebedi sagadata iman we ony gazanmak – miilionlarça ýyla bagly bolsa hem – mümin ynsana ebedi jenneti gazandyrýar, käfire bolsa, tersine, jähennemi.

Inkärçi öz arzuw islegi bilen ýaşan küfrüniň jezasyny çekjekdigi ýaly, ähli küfüre we dolup-daşmalara sebäp bolan şeýtan hem bagrynda boý aldyran irginsiz inkär düşünjesiniň jezasyny üznüksiz azapda çekjekdir.

Aslynda ýaradylyşynda paýyna düşen zatlar sebäpli şeýtanyň edýän ep-esli işleri we hyzmatlary hem bardyr. Ynsanyň bir topar häsiýetleriniň we ukyplarynyň ösmeginde, ynsanyň ýaradylşynda bar bolan ençeme ýagşy magdanyň arassalanyp orta çykmagynda, hatda kalbyň we ruhuň oýa we gözlegde bolmagynda inkär edip bolmaz ýaly derejede şeýtanyň täsiri görünýär.

Hawa, ol şahslara we jemagatlara musallat bolar. Olaryň ýüreklerine zäherli tohumlar taşlap şol ýürekleri şeriň we garaňkylygyň ösdürilip ýetişdirilýän ekin meýdanyna öwürmäge jan eder. Onuň bu zaýaçylykly we azaşdyryjy gaýratynyň derek gurluşyndaky manewi duýgular herkete geçer, edil antibiotige garşy bedeniň oýanyp işjeňligini artdyrmaga başlaýşy ýaly... Bu bolsa ynsanyň latifeleriniň ösmegine, kuwwatlanmagyna, hatda bu iň ganym duşmanyň garşysynda ýygy-ýygydan Ýaradana sygynmasyna getirer. Bu-da ynsanyň kalp we ruhy ýaşaýşynda örän az zyýan çekmek ähtimallygyny artdyrmak bilen örän köp zat gazanmagy diýmekdir. Şeýle magnewi täsiri bilen ynsan oglunda göreşmek azmynyň gamçylanmasy, onuň dykgatly we hatyrjem bolmaga höweslenmesi, birgiden magdanyň sap altyn we niçe öwlüýänyň we asfiýanyň, beýik mujahitleriniň we gahryman gazylaryň orta çykmagyna wesile bolupdyr.

Emma, şeýtan bu saýlantgy ynsanlary garşylyk görkezmäge we göreşmäge iterip uly derejeleri gazandyrandygyna derek, özi üçin bir serpaýam gazanyp bilen däldir. Çünki, ol bu eden işlerini Hakyň dostlary köpelsin diýip etmeýär, tersine olary günälere iteklemek üçin edýär...

Bu ýerde şeýtanyň hem niýeti, hem amaly bozuk diýip aýtsa bolar. Ol başgalara gazandyran beýikligi bilen däl, özüniň pesligine niýet we herketleriniň ýaramazdygy sebäp bolýar we muňa mynasyp görülýär.

Şeýtanyň niýeti bozuk, hereketleri hem ýaramazdyr. Ol isýanyny düşünjeli we ýoldan azaşdyrmalaryny bilip edipdir. "Men saňa sejde etmegi emr edemde, seni sejde etmekden saklan nämedi? Ol (Iblis) diýdi: - Men ondan has haýyrlydyryn. Meni otdan ýaratdyň, ony palçykdan ýaratdyň. Allah (j.j.) buýrdy: - Düş aşak ol ýeriňden (jennetden) ol ýerde tekepbirlik etmek gelişmez, çyk. Çünki sen pes we ýaramazsyň. Iblis: - Maňa gaýtadan diriljek güne çenli möhlet ber – diýdi. Allah hem: - Sen möhlet berilenlerdensiň – buýrdy." (Araf, 12-16). Bu ilkinji isýan we baş götermek, düşünip edilen jedel we soňra küfür ýoluny seçip almakdyr. Ynsany azdyrjakdygyna degişli şeýtanyň kasamlary bolsa adamzadyň tükenme-gutarma bilmeýän dramalarynyň esasyny düzýär.

Şeýtan bu gelen karary we niýeti sebäpli, onuň duşmanlygy saýasynda oýanan birnäçe duýgular, ol duýgularyň sahybyny faziletlere, belent mertebelere göterenem bolsa, şeýtan ol gaýratlaryndan ötri hiç bir serpaý almajakdyr.

Netije hökmünde şuny aýtmak bolar. Niýet mümüniň ömründe ähli zatdyr. Şahsyň öli hereketlerine janlylyk beren niýeti bolşy ýaly, onuň tutuş ömrüni birini müň eden ekin meýdanyna öwürenem oldur. Bäş günlük bu ömürde ebedi sagadata tarap ähli gapylary, penjireleri açanyň ol bolşy ýaly, ededi betbagtlyga we ebedi azaba taýýarlaýan hem oldur.

"Amallar niýetlere görädir". Çemeleşmegem amala görä bolup geçer.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr