Adalat sözüne nähili düşünilýär we oňa nähili düşünilmelidir?

Adalat sözüne nähili düşünilýär we oňa nähili düşünilmelidir?

Adalat ifrat (aşa geçmek) bilen tefritiň (kemter gaýtmagyň) arasyndaky orta bir haldyr. Ýagny aşalyk bilen biparhlygyň arasyndaky deň agramly bir ýoldur. Adalat örän köp haýra wesile bolmak bilen ynsanyň ýaradylşynda bar bolan birnäçe ukyplaryň Ýaradan tarapyndan bellenilen ugurda ullanylmagyndan ybaratdyr. Hawa ynsanda bar bolan şehwet, öýke, wehim, akyl ýaly güýç we ukyplar islenilen tarapa çekilip durulsa, adalatdan aşa geçilse ýa-da kemter gaýdylsa düşünjesizlikler orta çykar.

Meselem, ynsandaky şehwet duýgusy, umumy manysy taýdan hem şahsyň durmuşynyň dowamyna, hem-de ynsan nesliniň dowamyna wesile bolan zatlara isleg döremegi diýlen manyny berýär. Bu duýgynyň bir tarapy bolan iýmek, içmek we beýleki zatlar bilen ynsan maddy barlygyny we saglygyny goramaga has yhlasly bolar. Indi, bu duýga ýöneldirilen düşünjäniň daşyndan seredilende, ýa-da ony kämillige alyp barýan ýolda öňümizi kesen bir jellat ýaly görsek, kilise poplarynyň edişi ýaly ondan doly uzaklaşarys. Bu bolsa tefrit we biparhlykdyr. Ýa-da günümiziň sepil düşünjesine laýyklykda hiç bir ölçegi kabul etmän bu meselede her hal-hereketi dürs hasap ederis. Bu bolsa bir ifrat we aşa geçmekdir.

Öýke hem şeýledir, hiç başa barmajak zatlaryň garşysynda ganyňy gyzdyryp, halk dilinde aýtsak «Büräňe gahar edip ýorganyňy otlamak» ifrat, iň eziz we mukaddes zatlaryň aýak astyna düşende, ar çeýnelip, namysyň dogralmagynyň garşysyna dymmak hem tefritdir. Adalat bolsa küfüriň, zulumyň we jebiriň garşysyna bir kükremek we ondan bärde, aýratynam sabyra we haýra wesile boljak ýerlerde-de geçirimli we ýumşak bolmak halydyr.

Şeýle ýagdaý wehimde-de bolup geçer. Bolmajak zatlardan gorky we endişe, ýaşaýşy azaba döndüren ifrat, gorkulmaly, endişe edilmeli zatlardanam gorkmazlyk bu-da tefritdir. Birinde älemdäki her zatdan gorkup her zada uluhyýet – taňrylyk ýöňkemek düşünjesi bardyr. Gang derýasynyň sebitleri bu howsalaň döreden butlaryndan doludyr. Beýlekisi hem ýerde we gökde hiç bir zatdan gorkmazlyk ýaly bir aklyňdan azaşmak, özüni we özüne bagly bolanlary ölüme itekläp biljek dälilikdir. Adalat bolsa, ömre barbar gymmaty bolan zatlary göz öňünde tutup, seresaplylyk çärelerini alyp barmak bilen, örän uzakdaky ähtimallyklara we bolup biläýjek bir kysym endişe beriji zatlara aşa ähmiýet bermezlikden ybaratdyr.

Akyl barada-da edil şular ýaly pikirler aýdylyp bilner. Tejribe we duýgularyň netijelerini hasaba almazdan, diňe akyla daýanmak ifrat, akly asla diňlemän, berk pozitiwizme tutdurmak ýa-da diňe wyždany esas edinip ondan daşyndaky ähli zatlary inkär etmek hem tefritdir. Birinjisinde gadymy mantykçylaryň jerbezelerini, häzirki döwrüň materialistleriniň bolsa dialektikasyny, ikinjisinde bolsa, Augusto Komteniň pozitiwizimini we hristian mistisizmini görýäris. Akylda adalat, duýgy we tejribeleriň netijelerini peýdalanyp täze açyşlar etmek, munuň bilen hem duýgynyň we tejribäniň çäginde bolmadyk zatlara düşünjek bolmakdyr. Akylyň istikamaty bolsa, diňe wahyýň ýagty saçan şuglasy astynda mümkin görülýär. Semawi öwüsgin wahyýdan ýüzüni sowan bir akyl, ýa Aristoteliň men-menligi içinde bir faraonyň, ýa-da kilise diwarlarynyň arasynda ejizlän gyş siňegi ýaly bir zada öwrülmäge mejburdyr.

Eýe bolan bu duýgularymyzda adalat bir esas bolşy ýaly, jogapkär bolan zatlarymyzyň ählisinde-de bir esasdyr. Şonuň üçin ygtykatda adalat şertdir we ilkinji nobatda bir ylahyň barlygyny tassyk edip, Onuň kemal sypatlary bilen tapawutlanýandygyny, nogsan sypatlardan bolsa azatdygyny görkezip geler. Çünki bir ylahyň barlygyny ýa-da hut sypatyny kabul etmezlik inkär we dinsizlik bolşy ýaly «Allah bir jisimdir, jöwherdir, onuň hem agzalary we bolýan mekany bardyr» diýip, Ony bir närsä deňemek hem küfürdir. «Allah bardyr, kemal sypatlary bilen bardyr, jisim, jöwher, agza ýaly zatlardan azatdyr. Mekana mätäç däldir» düşünjesi we akydasy bolsa, ozalky iki ýalňyşyň arasyndaky ortalyk bir ýoldur we adalatdyr.

Beýleki ygtykady meseleleri hem bu usulda ele almak mümkindir. Meselem, «Ynsanyň gudraty we ygtyýary ýokdur» diýmek bir jebir, «Ynsan öz eden ähli işleriniň döredijisidir we halygydyr» diýmek ifratdyr. Ynsan eradasyny ýönekeý şert hökmünde kabul etmek we her bir zada Allahyň ýaradany hökmünde garamak bolsa adalatdyr.

Amal hususlarynda-da adalatyň bardygyna şaýat bolarys. Ilki bilen hökmany suratda ähli işlerimizi bu dünýä we o dünýä, ruh we jeset deňligi içinde ele almak adalatdyr. Muňa garamazdan, maddy ýaşaýyş we haýwanlaryňky ýaly durmuş, ahyrete we ruhy ýaşaýşa gönükdirmejek şekilde bolsa bu bir maddaparazlyk, materializm we ifratdyr. Maddany inkär eden misitik görnüşdäki spiritizm bolsa bir tefritdir. Bu ikisiniň ararsyndaky deňagramlylyk bolsa istikamatdyr.

Bu hususlardan birine ýahudylyk wekilçilik edýän bolsa, beýlekisine hristianlyk wekilçilik edýär. Meselem, ýahudylykda bilkastlaýyn adam öldürilende günäsini geçmek tarapy oýlanylmazdan katylyň öldürilmelidigi aýdylýar. Hristianlykda bolsa hökman günäsi geçiläýmelidir. Bu görnüşde birinde ifrat, beýlekisinde-de tefrit bardyr. Adalat bolsa bagyşlamak ýoluny açyk goýmak bilen jeza berilmegini hem aradan aýyrmazlykdyr. Nazary we amaly tutuş durmuşda bu şekilde adalaty görmek we görkezmek mümkindir.

Biziň şu günki günümizde gürrüňi kän edilýän «sosial adalat» bolsa, adalat düşünjesiniň jemgyýetçilik durmuşyny öz içine alýan bir bölegidir. Düşünje we iş ýüzünde istikamata ýeten kişileriň adalatsyz bolmaklaryny kabul etmegiň mümkin bolmaýşy ýaly, olaryň arasynda ijtimagy adalatsyzlygyndan söz açara asla ýagdaýyň döremegi-de mümkin däldir.

Belki sosial adalat baradaky düşünjämizi bilmek isleýänler hem bardyr. Emma sorag-jogap çägine sygdyrylyp bilinmejek bu özbaşyna derňelmeli bir mesele barada pikirimizi aýtmakdan häzirlikçe saklanýarys.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr