Ynsanyň haçan we nädip öljegi öňünden bellidigine görä, ony öldüreniň günäsi näme?
Her bir zat ýaly ölümiň hem haçan we nähili ýagdaýda bolup geçjekdigi öňünden kesgitlenilendir. Ýagny, älem üçin kesgitlenen we mümkin bolan her bir zat, ynsan, ynsanyň ýaşaýşy we ölümi üçin-de kesgitlenen we mümkindir. Belli ýollar bilen barlyga ýetmek, ýene belli esaslar içinde barlygy dowam etdirmek we belli bir wagtdan soň sahnadan çekilmek, herbir barlyk üçin gaçyp gutulyp bolmajak hakykatdyr. Her zat örän giň we umumy bir takdyr halkasy içinde we özi üçin bellenilen bir çyzgyda dogular, kemala geler, soňra-da söner gider. Bu ezeli, üýtgewsiz bir ýol we ebedilige çenli aýlanyp durjak çarh we nyzamdyr.
Zerrelerden älemlere çenli haýran ediji bir düzgün we haýranlykdan başyňy aýlaýjy bir sazlaşykda işleýän bu goja zeminiň bagrynda orta çykyp kämilleşen takyk we tebigy ylymlar, ol ylymlara degişli üýtgewsiz ýörelgeler we ýörgünli kanunlar arkaly her zat üçin ilkinji kesgitlemeler, çäklendirmeler we takdyr açyk görünýändir. Şunuň ýaly ilkinji meýilleşdirmek bolmazdan ne älemdäki nyzamy we sazlaşygy düşündirmek, ne-de onuň bilen baglanşykly takyk we tebigy ylymlardan islendik birini ösdürmek mümkin däldir. Älemde haýran ediji çyzgy we matematiki hasap bar. Fizika laboratoriýalarda belli düzgünlere görä tejribeler geçirmek, anatomiýany belli kadalar içinde öwrenmek, düşünmek we ýene üýtgewsiz kada-kanunlar bilen kosmos giňişliklerine aralaşmak bu çyzgy we hasabat esasynda mümkin bolupdyr.
Sazlaşygy bolmadyk bir älemde, meýilnamasyz-düzgünnamasyz dünýäde, tertipsiz-nyzamsyz işleýän tebigatda tebigy we takyk ylymlaryň hiç birine düşünmek mümkin däldir. Aslynda ylymlar bar bolan bir topar kadalara we düzgünlere linza bolupdyr, olary ýakynladyp görkezipdir we belli a:t we derejeler gazndyrypdyr.
Bu sözlerimiz bilen ylymlaryň we açyşlaryň ähmiýetini pese gaçyrmakçy bolmaýarys, diňe olaryň tutýan ornuna we agramyna ünsi çekip, has möhüm hususlaryň nazara alynmagynyň gerekdigini bellemek isleýäris. Ol hem ylymlardan we açyşlardan owal bar bolan älemiň synasynda edil ýürek ýaly gürsüldäp urup duran nyzam we sazlaşykdyr. Bu nyzam we sazlaşygy, ilkinji kesgitleme we takdyry anyk bir meýilnama bilen ähli jahanlara esas eden şan-şöhratly bir Gudratdyr.
Bu gün ähli barlyklar üçin hökmürowan görlen bu kanunlary adamzat jemgyýetinde peýdalanmak isleýän käbir sosiologlar hem bar. Beýle aşa kaderjilik, has dogrusy ynsan eradasyny inkär edýän jebriýejilik elmydama tankyt ediljek bir mesele bolsa-da, umumy bir sazlaşygyň we bu sazlaşygyň daýanjy bolan ezeli bir düzgüne esaslanýandygyny ykrar etmek taýdan örän çuň mana eýedir.
Aslynda ynanç we ygtykada degişli her hakykat, özi özüne bar we daşyndan goldaw hem ykrar edilmelere daýanmaga mätäç bolardan has beýik we azatdyr. Gynansagam garaýyşlary şeýel harijilik düşünjesi bilen bulaşan, kalby bulara degişli beýanlar sebäpli sarsan, betbagt neslimize «Aslyňa dolan!» diýip çagyrýarkak ony azaşdyranlaryň öz bulaşyklyklaryna yşarat ýoly bilen hem bolsa, degip geçmekde peýda bolar diýip düşünýäris. Ine şonuň üçin sözümizi uzaltdyk we sowaldan daşardaky zatlar barada hem gürrüň açdyk. Ýogsa tutuş älemiň üýtgeşik bir sazlaşykda we uýgunlykda işlemegi, atomlardan galaktika çenli her bir zadyň gözüňi dokundyrýan bir düzgün-nyzamda hereket etmegi, ähli barlygy täsir astyna alan kesgitlilige we takdyra, hökmürowanlyga we jebrilige delillik edýär. Gurulany bäri bütin dünýäler bu çäksiz häkimýete boýun egipdir. Onuň eradasyna gulak asyp we Oňa boýun bolup, haldan hala geçip, bu günki güne çenli dowam edip gelipdir.
Emma ynsan we oňa meňzeşler, erade we erkinlige sahyp barlyklar üçin ilkinji ýaradylyş tutuşlygyna jebri (hökmany) we beýleki barlyklar bilen şol bir çyzgyda bolsalar hem, has soňra eradasy bolanlar eradalarynyň çäginde beýleki ýaradylanlardan büs-bütin aýrylarlar. Beýle parhlylykdan ötri hem «öňünden kesgitlenmegiň» manysy, ynsan we oňa meňzeşler üçin tapawutly görnüşe eýe bolar. Esasan soralan soragda ynsanyň bu tapawutly tarapyny duýman we ony hem beýleki närseler ýaly göz öňüne getirmek sebäpli döreýär. Eger-de ynsan bilen beýleki barlyklaryň arasyndaky bu parha göz etiren bolsa sowalyň jogabyny özüniň tapjakdygyna ynanýaryn. Galany ylahy gudrata degişli ylmyň ähli barlygy doly gurşandygyny kabul etmekden ybaratdyr.
Hawa, ynsanda erkinlik we erada, meýil we saýlamak mümkinçiligi bardyr. Ol erkinlik we erada, meýil we saýlamak esasyna görä ýagşy we ýaramaz, sogap we günä işler ynsana degişli edilýär. Ynsan eradasynyň we isleginiň meýdana gelen netijeleriniň garşysynda özüne düşen paý näme bolsa bolsun, ol erada Beýik Ýaradan tarapyndan ýönekeý bir şert we sebäp hökmünde kabul edilendir. Ynsan eradasyny haýra we şere öwürşine görä günäli ýa-da günäsiz bolar. Bu meýliň netijesinde meýdana gelen hadysa ynsanoglunyň egnine ýüklenilmejek derejede agyr hem bolsa, meýil edip islemeginiň netijesinde jogapkärçilik we jürüm hem oňa degişlidir... Ol jogapkärçiligi we jürümi öňünden bellän we takdyr eden, soňra bolsa bellän wagtynyň içinde ony ýaradan, elbetde jogapkärçilik we jürümden azatydyr we päkdir.
Meselem, Ol Gudraty Güýçli yklymlaryň üýtgemesi ýaly örän uly bir hadysany biziň dem alyşymyza bagly edip goýan bolsa, «Eger sähel salymda şunça mukdardanam köp dem alsaňyz ýaşaýan ýeriňiziň geografiki ýagdaýyny üýtgederin» diýse, biz netijäni sebäp bilen baglanyşdyrmak ýörelgesi nukdaý nazaryndan dem almak bilen yklymlaryň üýtgemesiniň arasynda bir baglanşyk görmeýändigimiz üçin gadagan edilen zady etsek, Ol hem wada edişi ýaly yklymlary üýtgetse güýç-kuwwatymyzyň iň çür depesinde bolsak hem bu işe biziň sebäp bolandygymyz üçin günäkär hem biz bolarys.
Ine şunuň ýaly her kes elindäki jüz-i eradasy we ygtyýary bilen sebäp bolan zatlarynyň netijelerinden ötri ýa günäkär saýylar we jezasyny alar ýa-da wepaly saýylar, sylag-serpaýa mynasyp bolar.
Şonuň üçin ölüme sebäp bolan hem günäkärdir we beýik dergähde günäsi geçilmedik ýagdaýynda jezasyny alar. Indi bolsa meseläniň ikinji tarapynyň üstünde duralyň. Ýagny, Ýaradanyň her bir zady gurşaýan ylmy bilen ynsan eradasynyň özara baglanşygy barada...
Allahyň ylmyna görä ähli barlyk we barlykdan ötesi her bir zat sebäp we netijeleri bilen iç-içe we ýan-ýanadyr. Ol nokatda başlangyç-soň, sebäp-netije, kemçilik-kemli, zürýat-ata, ýaz-tomus bir wahydyň (birligiň) iki ýüzi halyna gelýär. Şol ylma görä soň başlangyç ýaly, netije sebäp ýaly, kemli kemçilik ýaly görüler we höküm ediler.
Kim haýsy ugra nähili meýil etjek we kim ýönekeý şert we sebäpden ybarat bolan eradasyny haýsy ugurda ullanjak, bularyň ählisi öňünden bilinýändigi üçin, ol sebäplere görä orta çykjak netijeleri kesgitläp we takdyr etmek ynsan eradasyny gysmak ýa-da zora salmak däldir. Gaýta tersine onuň meýilleri hasaba alnyp, ol hakynda takdyr edileni üçin eradasy kabul edilýär we goldaw tapýar. Aýdalyň, bir uly ýagşyzada hyzmatçylaryna: «Siz üsgülewigiňizi saklan wagtyňyz üýtgeşik sowgatlar alarsyňyz, sebäpsiz üsgüren ýagdaýyňyzda bolsa, sowgatsyz galmak bilen birlikde jeza-da alarsyňyz» diýse, olaryň eradasyny kabul etdigi we ony goldadygy bolýar. Edil şonuň ýaly Beýik Ýaradyjy gullaryndan birine: «Sen şu ugurda bir meýil görkezjek bolsaň, men hem seniň meýil eden zadyňy ýaradaryn we seniň şol meýliňe görä-de, häzirden ony belli edýärin» diýip, perman etse, onuň eradasyna ähmiýet berdigi we gymmat goýdugy bolýar.
Şonuň üçin «öňünden kesgitlemegiň» eradany gysmak bolmaýşy ýaly ynsany razy bolmadyk, etmek islemeýän işine hiç bir mejbur etmek hem ýokdur.
Takdyr we öňünden kesgitlemek, bilmek diňe Allahyň (j.j.) ylmy meýilnamalaryndan ybaratdyr. Ýagny, kimleriň haýsy istikamatlarda meýilleri boljak ony bilmegi we özüniň etjek we ýaratjak zatlaryny düzgün-tertibe salmagy diýmekdir. Bilmek bolsa soňradan bolup geçjek şol zatlaryň şeýle ýa-da başga hili bolmagyny zerur etmez. Soňradan bolup geçjek zatlaryň şeýle ýa-da beýle bolmagyny ynsanyň meýline görä Ýaradanyň gudrat we eradasy döreder. Şonuň üçinem barlyk hökmünde dörän zatlar şeýle bilinendikleri sebäpli bar bolan däldirler. Tersine, bar bolan şekilleri bilen bilinendirler. Ilkinji takdyr we kesgitlemek hem budur. Kelamçylar muny «ylym mälime tabyndyr» jümlesi bilen aýdýarlar. Ýagny nähili boljak bolsa edil şonuň ýalam bilinýär, emma şeýle bilneni üçin bolup geçmeýär. Edil biziň ylmy taslamamyz we meýilnamalarymyz durmuşda oýlan zatlarymyzyň döremegini zerur kylmaýşy ýaly, şeýle hem Beýik Ýaradanyň taslamalary we meýilnamalary hökmünde kabul etjegimiz öňünden kesgitlemeler-de daşyndaky islendik bir zadyň bar bolmagyny mejburlyga öwürmez.
Netijede, Allah bolan, boljak her zady gurşap alan giňişleýin ylmy bilen sebäpleri netijeler ýaly, netijeleri-de sebäpler ýaly bilýändir. Kimleriň gowy işler etmäge niýet etjeklerini we kimleriň bet işlere ýöneljekdiklerini, bu meýil hem niýetlere görä nämeleri ýaratjakdygyny kesgitläpdir we takdyr edipdir. Wagty gelende-de gullarynyň meýil we niýetlerine görä takdyr eden zatlaryny kesgitleýişi ýaly ýaratjakdyr.
Şonuň üçin bir ynsanyň nädip we haçan öljeginiň we başga biriniň hem bu işe sebäp boljagynyň öňünden kesgitlenmegi jogapkärçiligi aradan aýyrmaýar. Çünki, takdyr onuň erk-eradasy göz öňünde tutulyp bellenilendir. Şonuň üçin hem jürümi oňa ysnat ediljekdir we oňa görä-de jeza beriljekdir.
Takdyr bilen baglanşykly bu giň meseläniň aýratyn hem öz çeşmelerinde gaýta-gaýta öwrenilmegi şertdir. Biziň bilýänlerimiz selefiň (ilkinji döwür yslam alymlarynyň) berk ýörelgeleriniň içinde meseläniň ýönekeý halkyň düşünje derejesinde beýan etmekden ybarat.
- -de döredildi.